Bosgunlara garşy tutum alyp barýan Orbana garşy ýöriş guraldy

Wiktor Orban bosgunlara garşy tutum alyp barýar

441504
Bosgunlara garşy tutum alyp barýan  Orbana garşy ýöriş guraldy

Wengriýada halk bosgunlara garşy tutum alyp barýan Premýer ministr Wiktor Orbana garşy ýöriş gurady.

Paýtagt Budapeştde köçä çykan halk Premýer ministr Orbanyň bosgunlar barada alyp barýan syýasatynyň ýurtlaryny ÝB-nden çetleşdirendigini öňe sürdi.

Günbatar Ýewropa gitmek üçin ýola çykan müňlerçe bosgunyň esasy duralgalaryndan biri bolan Wengriýa geçen ýyl Serbiýa we Horwatiýa bilen bolan serhetlerine sim çekdi.

Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban, ÝB-niň bosgunlaryň agza ýurtlaryň arasynda paýlaşylmagy hakyndaky kararynyň ähli halk sese goýulşygyna hödürlenmegi üçin karar kabul etdi.

Wiktor Orban soňky gezek ýurdunyň Ruminiýa serhedinde hem goranyş zolagynyň döredilmegi üçin görkezme beripdi.

Sloweniýadan Ukraina çenli ähli serhetlerini gorajakdygyny aýdan Orbanyň alyp barýan syýasatlary ÝB-niň reaksiýa görkezmegine sebäp bolýar.



Degişli Habarlar