Russiýada magdan käninde partlama boldy

Wakada jemi 36 adam ýogaldy

441034
Russiýada magdan käninde partlama boldy

Russiýada soňky ýyllaryň iň uly magdan pajygasy boldy.

Ýurduň Komi Respublikasynda hususy magdan käninde bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy.

Magdan käninde 3 gün ozal metan gazy sebäpli bolan partlamada 4 adam ýogalypdy, 26 adam bolsa ýitipdi.

Sebite köp sanda halas ediji toparlar ugradylypdy.

Toparlaryň ýeriň aşagynda galan adamlary halas etmek üçin halas ediş işlerini geçirýän wagty täze bir partlama boldy.

2-nji bolan partlamada bolsa 6 halas ediji ýogaldy.

Dereksiz ýiten 26 şahtaçynyň tapylmandygy barada beýanat berilenden soň, wakada ýogalan adamlaryň sany 36-a ýetdi.



Degişli Habarlar