ÝAHK Russiýany günäli diýip tapdy

Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýeti Russiýany resmi territoriýasynyň daşynda adam hukuklaryny basgylandygy sebäpli günäli tapdy

438449
ÝAHK Russiýany günäli diýip tapdy

1990-njy ýylda Moldowadan garaşsyzlygyny yglan eden Transdinýester Awtanomiýasynda galplyk bilen günäkärlenip saklanan Boris Mozer atly raýatyň Russiýa we Moldowa garşy eden ýüz tutmasyny netijelendiren ÝAHK-nyň uly departamenti, Ýewropa adam hukuklary konwensiýasynyň 3,5,8,9 we 13-nji maddalarynda beýan edilýän düzgünleriň Russiýa tarapyndan bozulandygyna höküm etdi.

Karara laýyklykda Russiýa arz eden raýata 29 müň ýewro pul jerimesini tölär.

2008-nji ýylda saklanan mahalynda erbet daralan raýat barada ÝAHK-niň kabul eden çözgüdi Russiýanyň resmi territoriýasyna degişli däl awtanomiýada ýaşaýan raýatyň adam hukuklaryny basgylandygy sebäpli remi Moskwany jogapkär saýmagy taýdan nusgawy häsýete eýe.

ÝAHK-de arbitraž işlerine ýa-da halkara hukugy taýdan agyr işlere seredýän uly departament Transdinýester Awtanomiýasynda Moldowanyň hukuky jogapkärçiliginiň bardygyna höküm edip, oňa garşy haýsydyr bir jeza bermedi.

Rumyniýa birleşmek isleýän we Sowet döwründen galan ýaraglaryň üýşürilýän ýeri bolan awtanomiýada 1500 rus esgeri iş alyp barýar.


Degişli Habarlar