Owgan hökümeti bilen Talibanlylaryň arasyndaky gepleşiklere tagalla edilýär

Taraplar Owganystanyň paýtagty Kabulda 4-nji gezek ýygnandylar

437993
Owgan hökümeti bilen Talibanlylaryň arasyndaky gepleşiklere tagalla edilýär

Pakistanyň, Owganystanyň, ABŞ-nyň we Hytaýyň ýokary derejeli resmileri Owganystanyň hökümeti bilen Talibanlylaryň arasyndaky gepleşikleriň ýaňadandan başlanmagy üçin tagalla edýärler.

Taraplar Owganystanyň paýtagty Kabulda 4-nji gezek parahatçylyk gepleşiklerini geçirdiler.

Owgan hökümeti bilen Talibanlylaryň arasyndaky gepleşikleriň ugruny kesgitlemek maksady bilen geçirilen bu gezekgi maslahatda Talibanlylar bilen gönüden-göni gepleşikleriň geçirilmegi üçin wagt bellener.

Owganystanyň Daşary işler ministri Selahattin Rabbani ýaragly toparlara ellerindäki ýaraglary taşlap parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaga çagyrdy.



Degişli Habarlar