Ukrainada ýesir çalşygy boldy

Ukrainada separatist toparlar bilen hökümetiň arasynda geçen ýyl baglaşylan Minsk ylalaşygyna görä ähli ýesirler ikitaraplaýyn ýagdaýda azat edilmeli

436467
Ukrainada ýesir çalşygy boldy

Russiýanyň tarapdarlary separatist toparlary bilen Ukrainanyň hökümetiniň arasynda 9 ýesir çalşygy boldy.

Ýesir çalşygy Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitiniň Aleksandrowka obasynda boldy.

Russiýanyň tarapdarlary 3 ukrain esgerini azat eden bolsa, Ukrainanyň hökümeti Russiýanyň 6 tarapdaryny azat etdi.

Ukrainada separatist toparlar bilen hökümetiň arasynda geçen ýyl baglaşylan Minsk ylalaşygyna görä ähli ýesirler ikitaraplaýyn ýagdaýda azat edilmeli.



Degişli Habarlar