Hyýanatçylykly hüjüme berk reaksiýa görkezilýär

“NATO agza ýurtlar terrora garşy egin egine göreşmeli"

435342
Hyýanatçylykly hüjüme berk reaksiýa görkezilýär

Türkiýä duýgudaşlyk ýüzlenmeleri gelmäge dowam edýär.

Ankarada guralan hyýanatçylykly hüjüme dünýä ýurtlary berk reaksiýa görkezýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan berlen duýgudaşlyk ýüzlenmesinde “Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýäris we hyzmatdaşymyz Türkiýäniň terrora garşy alyp barýan göreşine goldaw berýäris"diýildi.

NATO hem Ankarada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy. NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg “NATO agza ýurtlar terrora garşy egin egine göreşmeli" diýdi.

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan Ýokary komisary Federika Mogerini “Bu agyr günlerinde Türkiýä we türk halkyna goldaw berýäris" diýdi.

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland hüjümi berk ýazgardy.

Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew hem hüjüm sebäpli türk halkyna gynanç bildirdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Prezident R. T. Erdogana telefon edip hüjüm sebäpli gynanç bildirdi.

İspaniýanyň hökümeti hem terrorçylykly hüjümi berk ýzgardy we terrora garşy göreşde Türkiýän goldaw berýändiklerini mälim etdi.

Latyn Amerika ýurtlaryndan Ekwador hem hüjümi ýazgardy we terrorçylykly hüjümlere garşydyklaryny aýan etdi.

Panamanyň Daşary işler ministrligi hem hyýanatçylykly hüjümi ýazgardy.

Wengriýanyň Prezidenti bilen Argentiýanyň we Eýranyň Daşary işler ministrligi hüjüm sebäpli Türkiýä gynanç bildirdi.

Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy hem Ankarada guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgardy.



Degişli Habarlar