BMG-nyň Owganystan boýunça wekiliýeti hasabat berdi

Owganystanda geçen ýyl asuda ilatdan 3 müň 545 adam ýogaldy

432453
BMG-nyň Owganystan boýunça wekiliýeti hasabat berdi

BMG-nyň Owganystan boýunça wekiliýeti 2015-nji ýyl bilen baglanşykly taýarlan hasabatynda ýogalan asuda ilatyň sanynyň ozalky ýyllara garanyňda iň ýokary derejä ýetendigi habar berilýär.

BMG-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Nikolas Haýsom 2015-nji ýylda asuda ilatdan 3 müň 545 adamyň ýogalandygyny, 7 müň 457 adamyň ýaralanandygyny belläp, asuda ilatdaky bu ýitginiň kabul edilip bilinjek zat däldigini mälim edti.

BMG-nyň Owganystan boýunça wekiliýeti tarapyndan taýarlanan hasabatda 2015-nji ýylda Talibanlylaryň we DAEŞ-e bagly toparlaryň ilatyň asuda bölegine garamazdan guraýan hüjümleriniň şol derejäniň artmagynda esasy faktordygy bellenýär.

Terrorçylykly hüjümde ýogalan 4 adamyň 1-niň çagadygy aýdylýan hasabatda howpsyzlyk güýçleri bilen terrorçylaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda ýogalan adamlaryň sanynyň 15 göterim, bombaly hüjümlerde ýogalan adamlaryň sanynyň 20 göterim artandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar