Putin bilen Obama telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Telefon söhbetdeşliginde iki lider Ukraindaky ýagdaý barada pikir alyşdylar

432380
Putin bilen Obama telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Barak Obama telefon arkaly Siriýa we Ukraina meseleleri barada durup geçdiler.

Kremliniň metbugat merkezinden berilen beýanata görä Obama we Putin Halkara Siriýa goldaw toparynyň Mýunih maslahatynda çaknyşyklaryň we gabawlaryň bes edilmegi üçin kabul edilen ylalaşyk barada pikir alyşdylar.

Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň artdyrylmagy barada ylalaşan Obama we Putin Siriýada çaknyşyklaryň bes edilmegi we gumanitar goldaw babatyndaky meseleleriň wajyplygyny bellediler.

Telefon söhbetdeşliginde Putin Obama terrora garşy göreşde umumy frontyň döredilmegi baradaky teklibini ýaňadandan ýatladyp, DAEŞ-e garşy netijeli we meýilnamaly göreş üçin ABŞ-nyň we Russiýanyň Goranmak ministrlikleriniň arasynda ýakyndan hyzmtdaşlyk edilmelidigi barada durup geçdi.

Söhbetdeşlikde iki lider Ukraindaky ýagdaý barada hem durup geçdiler.



Degişli Habarlar