ABŞ Russiýa berk reaksiýa görkezdi

RussiýaDAEŞ-i bahana edip Siriýada hüjümlerini dowam etdirýär

431823
ABŞ Russiýa berk reaksiýa görkezdi

Ak Tam Russiýanyň DAEŞ-i bahana edip Siriýada hüjümlerini dowam etdirýändigini mälim etdi.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Erik Şultz Siriýada hüjümleriň wagtlaýyn bes edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Şultz “mundan soň esasy mesele ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi" diýip belledi.

Russiýanyň Siriýada terror guramasy DAEŞ-iň ýok ýerlerini bombalamak bilen krizisiň has-da çuňlaşmagyna sebäp bolandygyny aýdan Şultz, resmi Moskwany DAEŞ-i bahana edip Siriýadaky messep söweşine goşulmak bilen günäkärledi.

Beýleki tarapdan rus harby uçarlary Halap şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Azez etrapçasyny bombalady.



Degişli Habarlar