Demirgazyk Koreýa uzak aralykly roketa synagyny geçirdi

ABŞ-nyň Strategik baştutanlygy (USSTRATCOM) Demirgazyk Koreýanyň uzak aralykly roketa synagyny geçirendigini mälim etdi

428550
Demirgazyk Koreýa uzak aralykly roketa synagyny geçirdi

USSTRATCOM tarapyndan berilen beýanatda ABŞ-nyň ýerli wagty bilen sagat 18:29-da Demirgazyk Koreýanyň uzak aralykly roketa synagyny geçirendigi bellenýär.

ABŞ-nyň hökümeti ähli duýduryşlara garamazdan synaglaryny dowam etdirýän Demirgazyk Koreýanyň hereketini ýazgardy.

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk maslahatynyň geňeşçisi Suzan Raýs beren ýazmaça beýanatynda Phenýanyň bu hereketi we 6-njy ýanwarda geçiren ýadro synaglary bilen BMG-nyň ençeme kararyny bozandygyny belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerrri hem waka bilen baglanşykly beren ýazmaça beýanatynda: “Demirgazyk Koreýa BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň balistiki roketa tehnologiýasy bilen baglanşykly kabul eden kararlaryny bozdy. ABŞ roketa synagyny berk ýazgarýar" diýdi.

Soňky 1 aýyň dowamynda Phenýan hökümetiniň diňe Koreýa ýarymadasyny däl, eýsem şol bir wagtda sebite we ABŞ-na howp salýan öjükdiriji hereket edendigini nygtan Kerri aralarynda Günorta Koreýa we Ýaponiýa ýaly hyzmatdaşlarynyň goragy üçin özüne degişli borçnamalaryny ýerine ýetirjekdiklerini söz berdi.



Degişli Habarlar