Russiýanyň guran howa hüjüminde ýene-de 4 adam ýogaldy

Uçarlaryň hüjümlerinde şeýle hem 60 adam ýaralandy

426328
Russiýanyň guran howa hüjüminde ýene-de 4 adam ýogaldy

Russiýanyň harby uçarlarynyň Halapyň Anadan etrabynda guran 20 howa hüjüminde 4 adam ýogaldy, 60 adam ýaralandy.

Resmilerden alynan maglumatlara görä etrapda ençeme ýaşaýyş jaýy ýumruldy we zeper ýetdi.

Anadan etrabyndaky ýerli aktiwist Muhammed Kurab halas ediji toparlaryň rus uçarlarynyň hüjümi netijesinde ýumrulan jaýlaryň aşagyndaky ýogalan we ýaralanan adamlary çykarýandyklaryny habar berdi.

Russiýanyň uçarlarynyň Halapyň demirgazygyndaky sebitlerde guraýan hüjümlerini dowam etdirýändiklerini bellän Kurab adamlaryň hüjümler sebäpli daşaryk çykmaga gorkýandyklaryny nygtady.



Degişli Habarlar