Googlyň Italiýa 200 million ýewrolyk salgyt bergisi bar

Italiýa internediň ägirdi Googlyň 200 million ýewro möçberinde salgyt bergisiniň bardygyny mälim etdi

425505
Googlyň Italiýa 200 million ýewrolyk salgyt bergisi bar

Google kärhanasynyň metbugat geňeşçisi kärhananyň iş alyp barýan ýurtlarynda salgyt meselesinde kanunalaýyk hereket edýändiklerini belledi.

Italiýa Googlyň 200 million ýewro salgyt bergisi bilen birlikde 100 million ýewro möçberinde girdejisini gizlemek bilen günäkärledi.

Google kärhanasynyň metbugat geňeşçisi bolsa mesele barasynda resmiler bilen gepleşikleriň geçirilýändigini habar berdi.

Google iş alyp barýan ýurtlarynda az salgyt tölemek bilen günäkärlenýär.

Google 3 gün ozal bolsa Britaniýada salgyt gullygynyň başladan derňew işiniň netijesinde 185 million dollar salgyt tölemegi boýun alypdy.

Fransiýa bolsa Googleden ozalky bermedik salgytlary sebäpli 500 million ýewro bermegini isleýär.



Degişli Habarlar