Paksitanda uniwersitetleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 20 adam ýogaldy

423485
Paksitanda uniwersitetleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

Pakistanyň Çarsadda şäherindäki Baça Han uniwersitetine guralan ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 20 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

Pakistanyň Ýaragly güýçleriniň metbugat geňeşligi sebite ugradylan esgerleriň operasiýa başladandygyny mälim etdi.

Çaknyşygyň dowam edýändigini we 4 hüjümçiniň öldürilendigini bellän geňeşlik 3 müň talybyň okaýan uniwersitetinde gyzlaryň umumy ýaşaýyş jaýynyň nyşana alynanadygyny habar berdi.

Şaýatlar birnäçe adamdan ybarat bolan ýaragly toparyň uniwersitetde mugallymlara we talyplara od açandygyny bellediler.

Köp sanda ýaralanan adam bolan sebite 20 tiz kömek ulagy ugradyldy, häzirki wagta çenli bolsa 50 talyp uniwersitetden çykaryldy.

Uniwersitetden çykarylan talyplar ýerli metbugata beren beýanatlarynda 6-7 hüjümçini görendiklerini we onlarça adamyň hüjümçiler tarapyndan atylandygyny habar berdiler.

Çarsadda şäheriniň golaýyndaky Jamrud sebitinde düýn guralan kamikaze hüjüminde 10 adam ýogalypdy.

Peşawerde bolsa 1 ýyl ozal Talibanly başbozarlar mekdepleriň birine girip aglabasy çaga bolan 150 adamy öldürdiler.



Degişli Habarlar