Argentinada gorkunç awtobus heläkçiligi...

Wakada 42 adam ýogaldy, 9 adam bolsa agyr ýaralandy

409304
Argentinada gorkunç awtobus heläkçiligi...

Argentinanyň demirgazyk-günbataryndaky Salta welaýatynda polisiýa gullugynyň işgärlerini daşaýan awtobus köprüden aşak gaçdy.

Wakada 42 adam ýogaldy, 9 adam bolsa agyr ýaralandy.

Heläkçilik awtobusyň sürüjisiniň ýalňyşlygynyň netijesinde bolup, 18 metr beýikligindäki köprüden gaçan awtobusyň içinde 50-den gowrak polisiýa işgäri bardy.

Halas ediji toparlar wakanyň bolan ýerinde halas ediş işlerini dowam etdirýärler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar