Rus harby uçarlary çagalary gyrdy…

Russiýanyň harby uçarlarynyň Siriýanyň Halap şäherinde oppozisiýanyň gözegçiligindäki üç etrapça guran howa hüjüminde esasy bölegi çagalardan ybarat 14 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy

403377
Rus harby uçarlary çagalary gyrdy…

Halabyň Raýat goranyş gullugynyň ýolbaşçylaryndan alynan maglumata görä rus harby uçarlary oppozisiýanyň gözegçiligindäki Sukuri, Hulok we Firdews etrapçalaryna howa hüjümini gurady.
Hüjümde mekdeplerden birine hüjüm guralandygyny habar beren ýolbaşçylar ýogalanlaryň we ýaralananlaryň esasy böleginiň çagalardygyny nygtaýar.
Halabyň Ýerli utgaşyklyk topary hem rus goşunyna degişli harby uçarlaryň Halabyň günortasyndaky Han Tuman etrapçasyna we golaýynda ýerlere 70-den gowrak hüjüm gurandygyny habar berdi.
Hökümete degişli güýçler ruslar howa güýçleriniň goldaw bermeginde şäheriň günortasyndaky Hilsa obasynyň gözegçiligini ýaňadandan ele geçirdiler.
Oppozision güýçler bolsa Halidiýýe etrapçasynda hökümete degişli güýçleriň merkez hökmünde ulanýan binasyny partlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar