Moskwada awtobus duralgasynda partlama boldy

Partlaýjy madda geçip barýan ulaglaryň birinden zyňylan bolup biler

360003
Moskwada awtobus duralgasynda partlama boldy

Russiýanyň paýtagty Moskwada awtobus duralgalarynyň birinde bolan partlamada 3 adam ýaralandy.

Partlamanyň güýji bilen awtobus duralgasynyň aýnalary döwüldi.

Partlama wagty duralganyň golaýyndaky 3 adam ýaralandy.

Wakanyň bolan ýerinde derňew geçiren polisiýa gullugynyň işgärleri partlaýjy maddanyň geçip barýan ulaglaryň birinden zyňylan bolup biljekdigini nygtadylar.

Polisiýa gullugynyň işgärleri şeýle hem hüjümiň terror bilen arabaglanşygynyň bolup-bolmadygyny derňeýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar