Çatda we Nigeriýada kamikaze hüjümleri guraldy

Hüjümlerde ilkinji kesgitlemelere görä 30 adam ýogaldy

401466
Çatda we Nigeriýada kamikaze hüjümleri guraldy

Çadyň paýtagty Nžamenanyň bazarda guralan 3 aýry kamikaze hüjüminde 27 adam ýogaldy, 80-e golaý adam ýaralandy.

Nigeriýanyň Borno welaýatynda guralan 2 aýry kamikaze hüjüminde bolsa 3 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy.

Sebitde zenan kamikaze hüjümçisi üstündäki bombany partlatmazdan ozal howpsyzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan öldürildi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan bolmasa-da kamikaze hüjümleriniň terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralandygy çak edilýär.

Beýleki tarapdan bolsa ABŞ-nyň Nigeriýadaky ilçihanasy ýurtda daşary ýurtlylaryň galýan myhmanhanalaryny nyşana alyp hüjüm guraljakdygy barada maglumat alandyklaryny habar berdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar