Eýsem Russiýa terror guramasyna ýarag satýarmy?

DAEŞ-iň ýaraglaryny ruslardan alýandygy öňe sürülýär

397866
Eýsem Russiýa terror guramasyna ýarag satýarmy?

Terror guramasy DAEŞ-iň ýaraglaryny ruslardan alýandygy öňe sürülýär.
“Aksam” gazetiniň habaryna göra, Siriýada we Yrakda ýaşaýan ýüzmüňlerçe adamyň öýlerini, ýerini-ýurduny terk edip, ýurtlaryndan göçmeginiň esasy sebäbi bolan eli ganly terror guramalaryna goldaw berýän ýurtlaryň biri hem Russiýa.
Ozal ABŞ-nyň Gazna ministrligine degişli habarnamalarda ýer berlen resminamalarda DAEŞ-i nebitini Siriýanyň hökümetine satandygy, şol söwda-da ruslaryň töwellaçylyk edendigi subut edilipdi.
Geçen ýyllarda DAEŞ-e ýarag satan emma awgust aýynda bu işini taşlan ýarag söwdagäri Moskwa bilen Tährandan gelen ýaraglaryň ilki özlerine soň bolsa terror guramasy DAEŞ-e satylandygyny gürrüň berdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar