"Çawuşogly duşuşmak islän halatynda oňyn jogap bererin"

Lawrow Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly duşuşmak islän halatynda oňyn jogap berjekdigini aýtdy.

357949
"Çawuşogly duşuşmak islän halatynda oňyn jogap bererin"


Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly duşuşmak islän halatynda oňyn jogap berjekdigini aýtdy.
Resmi sapar bilen Kipriň grek bölegine baran Lawrow, ertiriň irki sagatlarynda Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen duşuşdy.
Lawrow kärdeşi Ýannis Kasulides bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.
Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky krizis hakynda hem durup geçen Lawrow, dekabr aýynyň 3-4-i aralygynda Serbiýanyň paýtagty Belgratda Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynyň geçiriljekdigini aýty.
Sergeý Lawrow maslahatyň çäginde Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly duşuşykmak islän halatynda oňyn jogap berjekdigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar