Putin ykdysady sanksiýalar baradaky karary tassyklady

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkiýä garşy ykdysady sanksiýalaryň goýulmagy baradaky karara gol çekdi

356468
Putin ykdysady sanksiýalar baradaky karary tassyklady

Kremlden berilen beýanatda sanksiýa kararyna laýyklykda türk kanunlarynyň ygtyýaryndaky käbir guramadyr edaralaryň Russiýada iş alyp barmagy gadagan edilip, Türkiýeden import edilýän käbir harytlaryň aluwynyň hem wagtlaýynça bes ediljekdigi ýa-da gadagan ediljekdigi nygtalýar.
Karara laýyklykda Russiýada iş alyp barýan firmalaryň 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türk raýatlaryny işe kabul etmekleri hem gadagan edildi.
Beýanatda sanksiýanyň häzirki wagtda Russiýada işleýän türk raýatlaryna degişli däkdigi, diňe 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň işe kabul ediljek täze işgärlere degişli boljakdygy nygtalýar.
Putin sanksiýalar bukjasynyň çäginde Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky wizasyz syýahat etme düzgüniniň 1-nji ýanwardan başlap bir taraply saklanmagy baradaky karar bilen Russiýadaky syýahatçylyk operatorlarynyň Türkiýä syýahatçylyk satuwlarynyň gadagan edilmegini hem tassyklady.
Şeýle-de Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda amala aşyrylýan çarter uçuşlarynyň hem bes edilmegine we türk ýük firmalarynyň Russiýadaky işleriniň ýany bilen Gara deňizde we Azow deňizinde rus deňiz giňişligindäki türk deňiz ulaglaryna edilýän gözegçiligiň hem berkidilmegine karar berildi.
Beýanatda Russiýada ýaşaýyş rugsady bolan türk raýatlarynyň we Russiýada ýaşaýan türk diplomatlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň çäklendirmä degişli däldigi, çäklendirme kararyna degişli bolmajak adamlaryň we edaralaryň golaýda aýratyn beýan ediljekdigi habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar