Malidäki zamun alma wakasy

Maliniň paýtagty BAmakoda myhmanhanalardan birine guralan hüjümde 2 sanysy terrorçy azynda 21 adam ýoğaldy, 7 adam ýaralandy

420091
Malidäki zamun alma wakasy

Zamunan alynanlaryň arasyndaky Türk howaýollarynyň 7 işgäriniň ählisi halas edildi.
Halas edilen 7 işgärden 6 sanysy Türkiýä getirildi.
Türk howaýyllarynyň Malidäki ofisiniň ýolbaşçysy Mehmet Atmajanyň dowam edýän saparlar sebäpli öz islegine laýyklykda galandygy habar berildi.
Halas edilen işgärleriň gijäni ilçihanada geçirendigi, Türkiýä uçmak üçin howa menziline ýörite howpsyzlyk şertlerinde getirilendigi malim edildi.
Düýn öýlän çaglarynda Maliniň paýtagty Bamakoda ýokary amatlykly myhmanhanalardan birinden ýarag sesleri eşidildi.
Çem gelen ýere od açan ýaragly topar, myhmanhananyň 30 işgäri 170 adamy zamun aldy.
Hüjümçileriň myhmanhana diplomatiň belgili ulag bilen barandygy we howpsyzlygy ýeňillik bilen geçendikleri habar berildi.
Hüjümiň başlamagyndan soň polis we ýörite güýçler işe girişdi.
9 sagat dowam eden operasiýanyň netijesinde zamun alynanlar halas edildi.
Hüjümiň jogapkärçiligini Al Kaýda bilen arabaglanşykly Al Murabitun guramasy öz üstün aldy.
Daşary işler ministri Malide guralan waka barada beýanat berdi.
Ministrlik Malidäki terrorçylykly wakalary berk ýazgardy. Beýanatda Türkiýäniň Mali Respublikasyna we halkyna alyp barýan terrorçylyga garşy göreşine berýän goldawyny dowam etdirjekdigi hem nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar