Ysraýyl Hamasa degişli iki harby tälim merkezini bombalady

Ysraýyl "roketanyň jogapkäri Hamasdyr" diýdi

418832
Ysraýyl Hamasa degişli iki harby tälim merkezini bombalady

Ysraýylyň ýaragly güýçleri Gazada Hamasa degişli iki harby tälim merkezini bombalady.
Şaýatlar Ysraýyla degişli dikuçarlaryň Hamasyň İzeddin Al Kassam atly ýaragly toparyna degişli harby tälim merkezine hüjüm gurandygyny habar berdi.
Ikinji hüjümde hem merkezdäki tälim düşelgesi nyşana alyndy.
Ysraýylyň ýaragly güýçleri tarapyndan berlen beýanatda “ Gazadan atylan we howpsyzlyk diwarynyň golaýyna düşen roketanyň jogapkäri Hamasdyr. Howa güýçlerimiz düýn gije Hamasa degişli iki harby merkeze hüjüm gurady” diýildi


Etiketkalar:

Degişli Habarlar