Putin Ermenistandan gelen teklibi kabul etdi

Ermenistan bilen bilelikdäki howa goranyş ulgamy dörediler

415983
Putin Ermenistandan gelen teklibi kabul etdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ermenistan bilen bilelikdäki howa goranyş ulgamynyň döredilmegi üçin gepleşiklere başlanmagy barada görkezme berdi.
Russiýanyň resminamalaryna ýer berýän internet saýtynde berlen habara görä, Putin hökümetiň Kawkaz sebitiniň kollektiw howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin Ermenistandan gelen howa goranyş ulgamynyň döredilmegi baradaky teklibi kabul etdi.
Putin goranmak ministrligine, daşary işler ministrliginiň görkezmesi bilen Ermenistan tarapy bilen gepleşik geçirmäge we ylalaşyk gazanylan halatynda Russiýanyň adyndan şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar