Ysraýylyň 5-nji Prezidenti aradan çykdy

Ysraýylyň 1978-1983-nji ýyllar aralygynda Prezidenti wezipesinde bolan Izak Nawon 94 ýaşynda aradan çykdy

364525
Ysraýylyň 5-nji Prezidenti aradan çykdy

Iýerusalimde doglan Ysraýylyň 5-nji Prezidenti Izak Nawonyň eje tarapy marokkoly jöhitlerdendi, kaka tarapy bolsa Ispaniýadan Osmanly türkmen döwletine göçüp baran jöhitlerdendi.

Palestinalylara gatşy gyrgynçylyk eden Hagana atly sionist harby gurama 1940-njy ýylda agza bolan Nawon jöhitleriň ýaşamagy üçin araplaryň ýaşan ençeme obany ýok eden guramanyň ýokary derejeli wezipelerinde işläpdi.

Izak Nawon Prezidentligi döwründe Müsüriň Prezidenti Enwer Sedat bilen Ysraýylda duşuşyp, iki ýurduň arasynda 1978-nji ýyl gol çekişilen Kmp Dawid ylalaşygynda wajyp orun eýeläpdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar