Pakistandaky ýerli saýlawlarda çaknyşyk boldy

Çaknyşykda 11 adam ýogaldy

406399
Pakistandaky ýerli saýlawlarda çaknyşyk boldy

Pakistanyň Penjap we Sindh welaýatlarynda saýlawlaryň ilkinji tapgyry geçirildi.
Sindh welaýatynda bolan saýlawlarda Pakistan Halk partiýasynyň agzalary bilen Pakistan Musulman bileleşigi partiýasynyň agzalarynyň arasynda çaknyşyk boldy.
Khairpur şäherinde bolan wakalardan soň saýlaw komissiýasy ses bermek işlerini soňa goýdy.
Wakanyň bolan ýerlerine howpsyzlyk işgärleri ugradyldy.
20 million saýlawçy bolan Penjap welaýatyndaky we 4,5 million saýlawçy bolan Sindh welaýatyndaky saýlawlaryň soňky tapgyry noýabr we dekabr aýlarynda geçiriler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar