Türkiýe näme üçin bosgunlar maslahatyna çagyrylmady?

Aleksis Çipras ÝB Komissiýasynyň başlygy Ýan Klod Ýunkere maslahata Türkiýäniň çagyrylmazlygy sebäpli sütem etdi.

400706
Türkiýe näme üçin bosgunlar maslahatyna çagyrylmady?

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ýekşenbe güni geçirlen bosgunlar temaly maslahata Türkiýäniň çagyrylmazlygyna ÝB-ne agza käbir ýurtlar nägilelik bildirdi.
Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras ÝB Komissiýasynyň başlygy Ýan Klod Ýunkere maslahata Türkiýäniň çagyrylmazlygy sebäpli sütem etdi.
Gresiýanyň Premýer ministri Türkiýe ýaly bosgun meselesinde esasy rol oýnaýan we ÝB bilen göniden gepleşikler geçiren ýurduň maslahata çagyrylmazlygynyň ýalňyşdygyny belledi.
Ispaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, Çipras “Bosgun meselesinde esasy rol oýnaýan ýurt Türkiýe bilen düşnüşip bilmesek bosgun krizisiniň çözülmegi kyn bolar” diýip belledi.
Brýusselde düýn geçirlen maslahata gatşanan ÝB-ne agza 11 ýurt bilen Balkan ýurtlary bosgunlaryň geçýän ýollarynyň ugrunda her biri 100 müň adamlyk düşelgeleriň gurulmagy barada karar kabul edipdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar