Gonkongda gämi pajygasy boldy

Pajygada 14-i agyr 120 adam ýaralandy

399950
Gonkongda gämi pajygasy boldy

Gonkongyň Lantau adasynyň golaýynda bolan ýolagçy gämi pajygasynda 14-i agyr, 120 adam ýaralandy.

Gonkongyň resmi telewideniýesi RTHK-iň halas edijilerden alan maglumatlaryna görä ýaralananlar golaýdaky 6 hassahana alynyp gidildi.

The South China Morning Post gazedi bolsa 163 ýolagçyly we 11 ekipažly gäminiň Makaudan gaýdyp gelýärkä heläkçilige uçrandygyny mälim etdi.
Wakanyň näme sebäpli ýüze çykandygy derňelýär.

Hytaýyň günortasyndaky Gonkong bilen Hytaýa degişli Makao özbäşdak sebitileriniň arasynda gatnaw ýerine ýetirýän gämi pajygalarynyň sany soňky 2 ýylda 4 gezek boldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar