Hytaýyň Döwlet başlygy Britaniýa bardy

Hytaý bilen Britaniýa gatnaşyklaryny global giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterer

357862
Hytaýyň Döwlet başlygy Britaniýa bardy

Hytaý bilen Britaniýa gatnaşyklaryny “21-nji asyrda global giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk” derejesine götermek barada karar kabul etdi.
Britaniýa guraýan saparyny dowam etdirýän Hytaýyň Döwlet başlygy Si Sizinping Londonda Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron bilen duşuşdy.
Iki lider gatnaşyklaryny “21-nji asyrda global giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk” derejesine götermek barada karar kabul etdi.
Sizinping duşuşykda Britaniýa bilen edýän gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga taýardyklaryny nygtady.
Hytaýyň Döwlet başlygy iki ýurduň arasyndaky ýokary gatnaşyklary we durnuklylygyny goramak üçin Britaniýa bilen birlikde tagalla etjekdiklerini aýtdy.
Hytaýly firmalary Britaniýanyň demirgazygyna maýa goýmaklary üçin höweslendirjekdiklerini aýdan Sizinping, Britaniýanyň Aziýa infstruktura maýa boýum bankyna esaslandyryjy agzalyk üçin ýüz tutan Günbatarly ilkinji uly ýurt bolmagyndan hoşaldyklaryny we Hytaýyň bankyň esaslandyryjylarynyň hatarynda ýer almagy üçin Britaniýanyň goldawyna garaşýandyklaryny aýtdy.
Birtaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron bolsa Hytaýyň Döwlet başlygynyň saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda ykdysady we söwda taslamalaryny öz içine alýan hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň baglaşyljakdygyny we şol şertnamalaryň gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berjekdigini belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar