Hytaýyň günortasynda partlama boldy

Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy

357143
Hytaýyň günortasynda partlama boldy

Şinhua habarlar gullugy tarapyndan berilen maglumatlara görä ýurduň günortasyndaky Şandong welaýatynyň Linýi şäherinde Şandong Tianbao himiýa kärhanasyna degişli partlaýjy madda öndürýän fabrikada bolan partlamada 9 adam ýogaldy.

Partlamada şeýle hem 1-i agyr 2 adam ýaralandy.

Resmiler partlama bilen baglanşykly derňew işiniň dowam edýändigini mälim etdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar