Hindistanda awtobus gaýadan aşak gaçdy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 14 adam ýogaldy

394981
Hindistanda awtobus gaýadan aşak gaçdy

Hindistanyň Jammu we Kaşmir welaýatynda awtobusyň gaýadan aşak gaçmagy sebäpli 14 adam ýogaldy, 30 adam ýaralandy.
Düýn irden bolan wakada ýaralanan adamlaryň 10-nyň ýagdaýy agyr.
Polis işgäri awtobusyň baryp bolmagy kyn bir ýere gaçandygy sebäpli halas ediş işleriniň haýal dowam edýändigini belledi.
Polis wakada ýogalan 14 adamyň jesediniň çykarylandygyny, ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini nygtady.
Awtobusyň sürüjisiniň bolmalysyndan köp ýolagçy daşandygy çak edilýär.
Hindistanda erbet ýollar, köne ulaglar we ünssiz sürüjiler säbpli her ýyl 100 müňden gowrak adam ýogalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar