ÝB-den Türkiýä şertli ýüzlenme…
"Türkiýä ÝB-den wiza ýeňilligi ýaly ygtyýarlar diňe Ýewropa gidýän bosgunlaryň sanyny üstünlikli ýagdaýda azaldan halatynda berlip bilner"
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tusk Türkiýä ÝB-den wiza ýeňilligi ýaly ygtyýarlaryň diňe Ýewropa gidýän bosgunlaryň sanyny üstünlikli ýagdaýda azaldan halatynda berlip bilinjekdigi” garaýşyny orta atdy.
Tusk anna güni Brýusselde geçiriljek we bosgun krizisine garaljak maslahatyň öňüsyrasynda liderlere aýry aýry hat ýazdy.
Tuskiň ÝB-niň döwlet we hökümet baştutanlaryna çakylyk üçin ýazan hatyndaky sözleri Brýusseliň Ankara bilen şertli gepleşige taýarlanýandygy garaýşyny gün tertibine getirdi.
Tusk hatynda Ankaranyň Siriýa krizisiniň başyndan bäri talap edýän howpsyzlyk zolak meselesini hem maslahatda gün tertibine getirjekdigini nygtaýar.
Sebitde ýagdaýyň diýseň çylşyrymlydygyny nygtan Tusk, muňa mysal hökmünde Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygynda howpsyz zolagyň döredilmegini isleýändigini, tersine Russiýanyň bolsa muňa garşy çykmagyny görkezdi.
Tusk gyş pasly sebäpli depgini gowşan bosgun tolkunynyň bahar aýlarynyň gelmegi bilen ýaňadandan köpeljekdigi barada duýduryş berdi.
Degişli Habarlar
Ukraina: Russiýadaky 563 esgerimiziň jesedini ýurda getirdik
Ukraina Russsiýadaky 563 ukrainaly esgeriň jesediniň ýurda getirilendigini habar berdi