Kerri we Lawrow telefon arkaly söhbetdeş boldylar

ABŞ-nyň Daşary işler ministri Jon Kerri bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýa we Ukraina meseleleri barada söhbetdeş boldylar

390138
Kerri we Lawrow telefon arkaly söhbetdeş boldylar

ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi gündelik metbugat işgärleriniň ýygnagynda Kerri bilen Lawrowyň telefon arkaly söhebtdeş bolandyklaryny habar berdi.

Kirbi söhbetdeşlikde Russiýanyň Siriýada guraýan howa hüjümleriniň aglabasynyň DAEŞ-i nyşana almadygy baradaky ABŞ-nyň hökümetiniň nygtamalaryň üstünde durulup geçilendigini mälim etdi.

Kirbi iki ministriň esasan hem howa operasiýalarynda bolup biljek heläkçilikli wakalaryň we ýalňyş düşünişmezçilkleriň öňüniň alynmagynyň gerekdigini belländiklerini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar