Putin Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegini isledi

Putin Türkiýe we ABŞ bilen harby hünärmenler derejesinde aragatnaşyk saklanmalydygyny nygtady

389120
Putin Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegini isledi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Goranmak ministri Sergeý Shoiguýa Türkiýe, ABŞ, Saud Arabystany, Yrak we Eýran bilen Siriýa meselesinde hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi üçin görkezme berdi.
Rus İnterfaks gullugynyň habaryna görä Putin Siriýada dowam edýän DAEŞ operasiýalarynyň çäginde daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen işleşmegiň möhümdigini nygtap; “Goňşy ýurtlaryň goşandy bolmazdan netije alyp bilmeris” diýip belledi.
Rus lideri Putin esasan hem Türkiýe we ABŞ bilen harby hünärmenler derejesinde aragatnaşyk saklanmalydygyny nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar