Mukaddes Fransisk güni

Peruda her öý haýwanynyň aýratyn güni bar

388365
Mukaddes Fransisk güni

Her ýyl Mukaddes Fransisk gününde Perunyň Lima şäherindäki Sankt Fransisk ybadathanasyna toty guşlar, itler, towşanlar we homýaklar ýaly öý haýwanlar we olaryň eýeleri ýygnanýar.

Öý haýwanlar her ýyl geçirilýän ýörite dabara dürli reňkli lentalar we ýörite bezelen egin-eşikler bilen getirilýär.

Sankt Fransisk 1182-nji ýylda Italiýada doguldy. Ol tebigata bolan çäksiz söýgüsi bilen adamlaryň arasynda tanaldy we Fransiskleriň Katoliki mezhebiniň döredijisi boldy.

Sankt Fransisk öý we hojalyk haýwanlarynyň hem Taňry tarapyndan pata alynmalydygyna ynanýardy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar