Haj pajygasy halkara syýasy dartgynlyga öwrüldi

Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky dartgynlyk möwjeýän bolsa Türkiýe musulman ýurtlaryna göreldi duýduryş berdi

354427
Haj pajygasy halkara syýasy dartgynlyga öwrüldi

“Bütindünýä Haj guramaçylygynyň duşuşygynda” 33 ýurtdan gelen wekilleriň öňünde çykyş eden Din işleri guramasynyň başlygy Mehmet Görmez “Şeýle pajygalaryň gaýtalanmazlygy üçin birek-biregi söýeliň, adama sarpa goýalyň we bilime aýratyn üns bereliň” diýdi.
769 adamyň ýogalan pajygasynda 140-dan gowrak raýatyny ýitiren Eýranda bolsa garşylyklar güýçlenýär.
Dini lider Ali Hamaneý Saud Arabystanyň ötünç soramagyna garaşýandyklaryny beýan etdi.
Eýranyň Baş kazysy Seýýid İbrahim Reisi bolsa wakanyň halkara kanunlaryna laýyklykda derňeljekdigini aýtdy.
Eýranyň köp sanly şäherinde-de Saud Arabystanyna garşy ýörişler geçirilýär.
Saud Arabystanyna bolsa resmi Tährany başdan geçirilen tragediýa arkaly syýasy oýun oýnamakda aýyplady.
Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adel Al Jubeýr bolsa “Bu syýasat üçin serişde edilmeli mesele däl. Eýranly ýolbaşçylar ýogalanlara sarpa goýup, derňew işiniň netijesine garaşmaly” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar