Ýemeniň hökümeti Husiler bilen gepleşik geçirmegi kabul etdi

Hadiniň tarapdarlarynyň Husiler bilen gepleşik geçirmek barada karar kabul edendigi nygtaldy

386072
Ýemeniň hökümeti Husiler bilen gepleşik geçirmegi kabul etdi

Ýemeniň hökümeti şaýy Ensarullah hereketi bilen göniden gepleşik geçirmegi kabul etdi.
Resmi habarlar gullugy SABA-nyň berýän habarynda Prezident Abdurabbu Mansur Hadiniň ýolbaşçylyk etmeginde Premýer ministr Halid Rahhah bilen beýleki ýolbaşçylaryň Ýemeniň hökümetinin wagtlaýyn karargähi Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda maslahat geçirendigi nygtaldy.
Maslahatda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2216 belgili kararynyň ýerine ýetirilmegini maksat edinýän Hadiniň tarapdarlarynyň Husiler bilen gepleşik geçirmek barada karar kabul edendigi nygtaldy.
Maslahata töwellaçy hökmünde gatnaşan BMG-nyň Ýemen boýunça ýörite wekili İsmail Weled Şyh Ahmediň hem tagallalara goldaw berendigi aýdylýar.
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde aprel aýynda kabul edilen 2216 belgili kararda Husiler bilen Salihiň tarapdarlarynyň hüjümlerini bes etmegi we şäherden çekilmekleri islenipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar