Täjigistanda ýaragly çaknyşyk boldy

Tajigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde bolan ýaragly çaknyşykda 8-si polis işgäri, 17 adam ýogaldy

342745
Täjigistanda ýaragly çaknyşyk boldy

Içeri işler ministrligi ministrlige degişli binalaryň birine we paýtagtyň golaýyndaky Wahdet obasyna hüjüm guralandygyny mälim etdi.

Beýanatda wakada hüjümçileriň ençeme ýarag we köp sanda ok-däri alandyklaryny habar berdi.

Hüjümi wezipesinden çetleşdirilen ýurduň ozalky Goranmak ministriniň orunbasary general Abduhalim Nazarzode guradandyr diýip çak edilýär.

Wakadan soň ABŞ özüniň paýtagt Duşenbedäki ilçihanasyny ýapdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar