Bagdatda iki aýry hüjüm guraldy

Yragyň paýtagty Bagdadyň aýry-aýry ýerlerinde guralan hüjümlerde jemi 9 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy

374747
Bagdatda iki aýry hüjüm guraldy

Polisiýa işgärlerinden alynan maglumatlara görä Bagdadyň Ad-Dewra etrapçasynda Sahwa atly harby toparyň ozalky serkerdeleriniň birine näbelli adamlar tarapyndan guralan hüjümde serkerde bilen birlikde aýaly we 3 çagasy ýogaldy.

Köpçülikleýin ýerde bomba bilen guralan hüjümde bolsa 4 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy.

Ýogalanlaryň we ýaralananlaryň ählisi asuda ilatdandygy habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar