Amerikan Kongresi "ýadro" meselesinde Obama goldaw berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygyny Senatda kabul etdirmek üçin ýeterlik sesi aldy

342345
Amerikan Kongresi "ýadro" meselesinde Obama goldaw berdi

Demokrat partiýanyň Meriland ştatyndan senatory barbara Mikulski Eýran bilen günbatar ýurtlarynyň arasynda Awstriýanyň paýtagty Wenada iýul aýynda gol çekişilen ýadro ylalaşygyna goldaw berjekdigini beýan etdi.
Kongresiň Eýran bilen P5+1 ýurtlarynyň arasynda gazanylan ýadro ylalaşygyny seljermek üçin berilen möhleti 17-nji sentýabrda gutarýar.
ABŞ-nyň Prezidenti Obama Kongresde ylalaşygy ret edýän taslama kabul edilen halatynda ony weto etjekdigini aýdypdy. Emma Kongresiň iki palatasynda-da şeýle taslama üçden iki köplük bilen kabul edilen halatynda Obamanyň weto ygtyýary ortadan aýrylýar. Mikulskiniň goldaw bermegi netijesinde Obama Senatda weto hukugyny gorap saklajak ýeterlik sana eýe boldy.
Obama weto hukugyny gorap saklamak üçin 100 kürsüli Senatda 34 senatoryň goldawyny aldy. Demokratlaryň 435 kürsüli Wekiller palatasynda-da 188 agzasy bar. Emma Wekiller palatasynda we Senatda esasy köplügi eýeleýän Respublikaçylar bilen birlikde Demokratlar hem ýadro ylalaşygyna şübheli garaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar