Rus esgerler Ermenistanda harby türgenleşik geçýär

Türgenleşikde uçarmansyz howa ulaglarynyň hem ulanylýandygy habar berildi

369979
Rus esgerler Ermenistanda harby türgenleşik geçýär

Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Günorta harby sebitiň metbugat geňeşligi tarapyndan berilen beýanata görä Ermenistandaky rus esgerleri Pambak harby meýdançasynda harby türgenleşik geçýär.

Esgerler giýje we gündiz wagty beýik we kyn howa şertlerine eýe bolan daglyk sebitde toparlaýyn we ýeke görnüşde türgenleşik geçýärler.

Türgenleşikde uçarmansyz howa ulaglarynyň hem ulanylýandygy habar berildi.

Russiýanyň Baltika harby flotyna bagly gämileriniň gatnaşmagynda Kaliningratda geçirilýän türgenleşikde 152 mm Giatsint gaubisa toplary we grad roketalary ulanyldy.

Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Zabaýkalda Mongoliýa bilen bilelikde geçiren "Selenga 2015" atly harby türgenleşiginiň bolsa tamamlanandygy mälim edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar