Günbatar Şeriada dartgynlyk dowam edýär

Ysraýylyň Howpsyzlyk güýçleri Günbatar Şeriada bolan 2 sany aýry wakada 1 palestinaly oglanjygy öldürdi, beýlekisini bolsa ýaralady

329295
Günbatar Şeriada dartgynlyk dowam edýär

Ysraýylyň harby ýolbaşçylary palestinalylary Ysraýylyň Howpsyzlyk güýçlerine hüjüm etmek bilen günäkärledi.
Ysraýylyň harby ýolbaşçylary tarapyndan berilen baýanata görä ilkinji waka Günbatar Şeriada serhet gözegçiliginde boldy.
Palestinaly ýaş oglan ysraýylly esgeri pyçak bilen ýeňil ýaralady.
Esgerler bolsa 19 ýaşyndaky ýaş oglany atyp ýaralady.
Birnäçe sagat soň ýolda howpsyzlyk gözegçiligini ýerine ýetirýän ysraýylly esgerler 16 ýaşly palestinaly oglany atyp öldürdi.
Ysraýylyň resmileri 16 ýaşly oglanyň esgerleriň birini pyçak bilen ýaralandygyny nygtaýarlar.
Günbatar Şeriada wakalar açlyk yglan eden palestinaly tussaglynyň saglyk ýagdaýynyň erbetleşmegi sebäpli artdy.
Geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri kazynyň öňüne çykmagyna garaşýan palestinaly tussagly 60 günüň dowamynda açlyk yglan etdi. Tussagly düýn özünden gideninden soň hassahana alynyp gidildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar