Kipr gepleşiklerinde ylalaşyk ýakyn…

Bu barasynda Pan Gi Munuň geňeşçisi beýanat berdi

327133
Kipr gepleşiklerinde ylalaşyk ýakyn…

BMG-niň Baş Sekretary Pan Gi Munuň Kipr boýunça şahsy geňeşçisi Espen bart Aýde Kipr meselesinde ozalky gepleşik tapgyrlaryna görä “has umytly we hoşniýetlidiklerini” aýtdy
Kiprde iki tarapyň hem çözgütsizlikden bizar bolandygyny aýdan Aýde “Kiprliler meseläni çözmegiň döretjek pursadyna göz ýetirip bilýärler. İki tarapyň ykdysadyýetiniň bir döwlet hökmünde has-da güýçlenjekdigini, geosyýasy çykgynsyzlyklara garşy has berk pozisiýa eýelejekdiklerini bilýärler” diýip nygtady.
Aýde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadisiň ylalaşykly işleşýändigine ünsi çekdi.
Gepleşik tapgyrynda resmi iş kalendarynyň ýokdugyny aýdan Aýde “Ýerlikli we depginli iş meýilnamasynyň bolmagy resmi iş kalendaryndan has möhüm. Onuň deňsiz taryhy pursatdygyny ýatdan çykarmalyň. Liderler we gepleşikleri alyp baryjy wekiliýetleriň arasyndaky şeýle kämil atmosferanyň baky dowam etmegine garaşyp bilmeris. Aýlar barada aýdýarys, ýyllarda hakda däl” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar