Müsürdäki bombaly hüjümler dowam edýär

Soňky hüjümde 2 esger ýogaldy

319893
Müsürdäki bombaly hüjümler dowam edýär

Müsüriň Sinaý sebitiniň Ariş şäherinde guralan bombaly hüjümde 2 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy.

Müsüriň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: “Arişde gözegçilik işlerni ýerine ýetirýän bronlanan ulaga guralan bombaly hüjümde 1-i ofiser 2 harby ýogaldy, 3 esger ýaralandy” diýilýär. Beýanatda başga hiç hili maglumat ýok.

Müsürde soňky aýlarda Sinaý bilen birlikde ençeme sebitde howpsyzlyk güýçlerini nyşana alyp guralýan hüjümler artdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar