Russiýa ýene-de bir kanun taslamany weto etdi

Russiýa BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hödürlän kanun taslamasyny weto etdi

307610
Russiýa ýene-de bir kanun taslamany weto etdi

Russiýa geçen ýyl Ukrainada urulyp ýere gaçyrylan Malaýziýa howa ýollaryna degişli uçar bilen baglanşykly BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde hödürlenen Halkara Kazyýetiň döredilmegi baradaky karary weto etdi.
Howpsyzlyk geňeşiniň 15 agzasynyň 11-i Halkara Kazyýetiň döredilmegi üçin ses berdi.
Angola, Hytaý we Wenesuela ses bermekden saklandy.
Russiýa bolsa kanun taslamasyny weto etdi. Delil hökmünde bolsa kazyýetiň tarap tutjakdygyny we derňew netijelerinde ulanyljak medianyň üsti bilen öz ýurtlaryna garşy propoganda alynyp baryljakdygyny aýdýar.
Britaniýa, ABŞ we Ukraina bolsa kanun taslamasyny weto eden Russiýa garşylyk görkezdiler.
2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda 298 adam bilen Amsterdamdan Kuala-Lumpura giden Malaýziýa howa ýollaryna degişli uçar Ukarainanyň howa giňişliginde roketa bilen urulyp ýere gaçyrylypdy.
Ýer gaçan uçaryň ähli ýolagçysy ýogalypdy. Ýogalan ýolagçylaryň 196-sy Gollandiýa raýatydy. Gollandiýanyň Derňew geňeşi geçen ýyl heläkçilik baglanşykly taýarlan hasabatynda uçaryň daşardan gelen närse sebäpli ýere gaçandygyny, uçarmanlaryň ýalňyşlarynyň ýokdygyny nygtapdy.
Ukarina we Günbatar ýurtlar uçaryň Russiýanyň tarapdarlary tarapyndan howa roketasy bilen urulyp ýere gaçyrylandygyny aýdýarlar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar