Eýran bilen Günbatarly ýurtlaryň arasynda täze döwür başlady

Fransiýanyň Daşary işler ministri Loren Fabius Tährana gitjekdigini habar berdi

383297
Eýran bilen Günbatarly ýurtlaryň arasynda täze döwür başlady

Eýran bilen 5+1 ýurtlarynyň arasynda gazanylan ýadro ylalaşygyndan soň Günbatarly ýurtlar bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklarda täze döwür başlady.
Germaniýanyň Ykdysadyýet ministriniň Eýrana guran saparyndan soň bu gezek Fransiýanyň Daşary işler ministri Loren Fabius Tährana gitjekdigini habar berdi.
29-njy iýulda resmi sapar bilen Tährana barjak Fabiusyň Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.
Ýewropa ýurtlary bilen Eýranyň arasynda bahar şemaly ösýärkä Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneýiň beren soňky beýanatyna resmi Waşington oňyn garamaýar
Hamaneý ýadro ylalaşygyna garamazdan Eýranyň ABŞ-nyň sebit boýunça syýasatyna garşy durmaga dowam etjekdiklerini aýtdy.
ABŞ hem Hamaneýiň beýanatyna jogap bermekde gijä galmady.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri “Bu meselede garaýyş beýan etmek üçin heniz ir, eger syýasatlary şeýle bolsa bu biynjalyk ediji we kynçylyk emele getirip biler” diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar