Demi Muryň öýünde jeset tapyldy

21 ýaşly oglana degişli bolan jeset bogulyp öldürilipdir

346307
Demi Muryň öýünde jeset tapyldy

Golliwudyň tanymal amerikaly aktýory Demi Muryň Los Anželesdäki öýüniň arka tarapyndaky howuzynda bir adamyň jesedi tapyldy.

Jesediň 21 ýaşly oglana degişlidigi we onuň bogulyp öldürilendigi anyklandy.

Adamyň öldürilen wagty Muryň daşary ýurtda bolandygy beýan edildi.

Demi Mur öýünde şüweleň bolandygyny we şüweleňiň kömekçisi tarapyndan geçirilendigini habar berdi.

Mur: “Ynanyp boljak zat däl. Ýogalan ýaş oglanyň maşgalasyna we dostlaryna yzy ýarasyn diýmek isleýärin” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar