ABŞ Boko Harama garşy göreşe goldaw berer

Obama Nigerýanyň Prezidenti Muhammed Buhari bilen duşuşdy

383118
ABŞ Boko Harama garşy göreşe goldaw berer

ABŞ Nigerýanyň terror guramasy Boko Harama garşy alyp barýan göreşine goldaw berer.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Nigerýanyň täze Prezidenti Muhammed Buhari bilen Ak Tamda duşuşdy.
Buhariniň ýurdunyň howpsyzlygy we ykdysady ösüşi üçin edýän tagallasy barada öwgüli sözler aýdan Obama Nigerýanyň terror guramasy Boko Harama garşy alyp barýan göreşini hem takdyr etdi.
Prezident Obama Nigerýanyň terrorçylyga we alyp barýan göreşine goldaw berjekdiklerini ýatlatdy.
Nigerýanyň Prezidenti Buhari hem ýurdunda demokratiýanyň ösüşine berýän goldawy üçin Prezident Obama we Amerikan hökümetine öz minnetdarlygyny bildirdi.
Afrikanyň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryndan biri bolan 170 million ilatly Nigerýa Boko Harama garşy göreşýär.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar