Ruhani: "Sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen gatnaşyklar öser"

Eýran bilen P5+1 ýurtlarynyň arasynda gazanylan ýadro ylalaşygy ertir BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň garamagyna hödürlener

382079
Ruhani: "Sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen gatnaşyklar öser"

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ylalaşygyň Eýran bilen goňşy ýurtlaryn arasyndaki gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.
Kataryň Emiri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligi barada şahsy twitter hasabynda maglumat beren Ruhani, ýurdunyň Kataryň başda durmagynda bütin sebit ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň täze döwürde hasam ösjekdigini we sebitleýin meseleleriň bilelikde seljeriljekdigini nygtady.
Dini lider Aýatulla Hamaneý bolsa Tähranda baýram namazynda beren hutbasynda ylalaşygy uly üstünlik hökmünde häsýetlendirdi.
“Palestinadaky, Ýemendäki, Bahreýndäki we Yrakdaky zulum çekýän halka goldawymyz dowam eder” diýen Hamaneý, Amerika syýasatlarynda haýsydyr bir üýtgeşikligiň bolmajakdygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar