Boliwiýada protest ýöriş guraldy

Günorta Amerikada ýerleşýän Bolowiýada magdan känlerinde işleýän adamlar protest ýöriş guradylar

381817
Boliwiýada protest ýöriş guraldy

Potosi şäherinden ýola çykan demonstrantlar şeherlerine goýulýan maýalaryň artdyrylmagyny talap etmek üçin paýtagt La-Pasa geldiler.

Potosi şäherine howa menzilniň, hassahananyň gurulmagyny isleýän protestçiler bilen polis işgärleriniň arasynda çaknyşyk ýüze çykdy.

Prezident köşgüne girip Prezident Ewo Morales bilen duşuşmak isleýän demonstrantlaryň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan öňi alyndy.

Boliwiýanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Potosi şäherinde ençeme ýüz ýyl bäri magdan känleri işledilýär.

Emma sebitiň ýaşaýjylary şäherlerine goýulýan maýalardan we ykdysady ýagdaýdan hoşal däl.
 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar