Hytaýa reaksiýalar güýjeýär

Taýlad 109 uýgury Hytaýa yzyna berenden soň reaksiýalar sebäpli egilşik etdi

380093
Hytaýa reaksiýalar güýjeýär

Hytaýyň yzyna ugradylan uýgurlara bolan çemeleşmesini “ýalňyş” häsýetlendiren Taýland, resmi Pekiniň “beýleki uýgurlaryň yzyna berilmegi” baradaky işleğini kabul etmedi.
Hytaýa yzyna berilen uýgurlar Sinjan Uýgur awtanomiýasynyň merkezi Urumçi şäherine alynyp gidilipdi.
Uýgurlar Hytaýa alynyp gidilýärkä kellesine gara halta geýdirilip, aýaklary gandallanypdy.
Resmi Pekin güýjeýän halkara reaksiýalaryna garşy goranyşa geçdi.
Hytaý 109 uýgurdan 13 sanysynyň terror şübhelileriniň sanawyndadygyny öňe sürdi.
Emma adam hukuklary boýunça aktiwistlere görä uýgurlar özlerine edilýän yzgiderli basyşdan we diskirminasiýadan gaçýarlar.
Hytaýyň uýgurlara bolan çemeleşmesini ABŞ we Kanada hem protest edipdi.
Waşingtondaky we Torontodaky demonstrasiýalarda Taýlandyň uýgurlara Hytaýa bermegi hem ýazgarylypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar